Düýn «Aşgabat» kinoteatrynda golaýlap gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Gyzyl alma» atly çeper filmiň ilkinji görkezilişi boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Hekim Alowowyň režissýorlygynda surata düşürilen bu filmde adamlaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklar, birek-birege ýagşylyk etmek ýaly asylly ýörelgeler barada gürrüň berilýär.
Meret ussa Almaly obasynyň deňinden geçip barýan kerwenden aýrylyp galýar. Birwagt özüne ýagşylyk eden Hydyr aga niýetlän Pirli bagbanyň ýollan alma nahallaryny gowşurýar. Hydyr aga agtygy Nazar bilen nahallary obanyň degre-daşyna ekip çykýar. Wagt geçip, baglar boý alyp, miwe berip başlaýar. Şeýdibem, bu obanyň ady Almaly obasy bolup galýar.
Çeper filmiň baş gahrymanlary Mergen we Alma atly ýaş juwanlar. Mergen Bakjaly obasyndan Medet awçynyň ogly, Alma bolsa Nazar bagbanyň gyzy. Ýaşlaryň arasyndaky söýgi olaryň kakalarynyň dostlugyndan gözbaş alyp gaýdýar.
Nazar bagbanyň ýagşylyk bolsun diýip suwa akdyrýan almalary Bakjaly obasyna gelip gowuşýar. Bu ýagşylygy kimiň edýändigi bilen gyzyklanan oba adamlary Mergeni ýola salýarlar. Filmiň wakalary Mergeniň almany idäp gelmegi bilen bagly jemlenýär. Nazar bagbanyň ogullary «Alma» diýilse, öz uýasydyr öýdüp düşünýärler, ýöne Mergen şolaryň ikisiniň hem gözleginde. Bu ýagdaý filmde tomaşaçylary tolgundyrýan pursatlaryň biridir.
Filmiň soňunda aşyk-magşuklar biri-birine gowuşýar. Baş gahrymanlardan Mergeniň keşbini Ahmet Amandurdyýew, Almanyň keşbini Altyn Berdiýewa ýerine ýetirýär. Medet awçynyň keşbini Söhbet Täçmämmedow, Nazar bagbanyň keşbini Şyhmämmet Mollaýew döredipdir. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda görkezilen bu film tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp boldy.