Soňky habarlar

Arhiw

JONY-nyň Aşgabatdaky konsertine 10 müň tomaşaçy gatnaşdy, Türkmenistanyň 2022-nji ýyldaky iň gowy muzeýleri yglan edildi, Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine 2023-2024-nji okuw ýyly üçin Türkmenistandan arzalar kabul edilip başlandy

08:2928.12.2022
0
55753

1. Russiýanyň asly azerbaýjanly aýdymçysy JONY Türkmenistanda özüniň ilkinji konsertini berdi. JONY-nyň aýdymlarynyň türkmen muşdaklary söýgüli aýdymçylarynyň çykyşyndan örän hoşal boldular. Konserte 10 müň töweregi tomaşaçy gatnaşdy. Olaryň arasynda ýaşlar bilen birlikde uly ýaşlylar hem bolup, konserte diňe bir Aşgabatdan däl-de, eýsem ýurduň welaýatlaryndan hem tomaşa etmäge geldiler.

2. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýinde welaýat, şäher, etrap, oba muzeýleriniň hem-de muzeý şahamçalarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlenildi. Muzeýleriň arasyndaky bäsleşik bäş dereje boýunça geçirildi. Onda welaýat, şäher, etrap, oba muzeýleri hem-de muzeý şahamçalary bäsleşdiler. Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi «Ýylyň iň gowy welaýat muzeýi» diýen ada mynasyp boldy.

3. Russiýa Federasiýasynyň uniwersitetlerinde bilim almak üçin kesgitlenen ýer boýunça daşary ýurt raýatlaryndan, şol sanda türkmenistanlylardan arzalary kabul etmek başlandy. Munuň üçin «Daşary ýurtlular üçin Russiýa Federasiýasynda Bilim» portalynda elektron görnüşde hasaba alnyp we ýüz tutup bilersiňiz. 2023-2024-nji ýyl okuw ýyly üçin anketalar 20-nji fewrala çenli kabul ediler.

4. Sankt-Peterburgda geçirilen resmi däl sammitde GDA-nyň döwlet Baştutanlaryna Arkalaşygyň alamatlary ýerleşdirilen ýüzükler sowgat berildi. Dokuz sany ýüzük GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitinde gowşurmak üçin ýörite ýasadylypdyr. Olarda Täze ýyl gutlagy ýazylypdyr. GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan dagy gatnaşdy.

5. Ilkinji gezek Özbegistandan Ýewropa iberilen konteýner otlusy Bakuwyň deňiz portuna geldi. Ýük otlusy Bakuwdan Bolgariýanyň Burgas portuna ugradylar.

6. Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylyk etmeginde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň Täze ýyl dabarasy geçirildi. Konsert agşamy meşhur filmleriň aýdym-sazlaryny, solistler Maýsa Nyýazowanyň, Nury Nuryýewiň we Döwran Şammyýewiň çykyşlaryny özünde jemledi.

7. Lebap welaýatynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli mümkinçiligi çäkli bolan adamlara sowgat gowşurmak haýyr-sahawat çäresi geçirildi. Şeýle çäreler Lebap welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda, ähli mekdep internatlarynda geçirildi.

8. Ýewropanyň myhmanhanalary myhmanlara bir gezeklik ulanylýan çüýşelerdäki we gaplardaky serişdeleri — duş üçin gelleri, şampunlary, suwuk sabynlary, kremleri we ş.m. ýaly şahsy arassaçylyk önümlerini hödürlemek tejribesinden ýüz öwürmegi meýilleşdirýärler. Bu çäre plastmassa önümçiligini azaltmaga gönükdirilendir. Indi Ýewropa myhmanhanalarynda arassaçylyk serişdeleri gaýtadan ulanylýan uly çüýşelerde bolar ýa-da myhmanlar arassaçylyk serişdeleri ýanlary bilen getirmeli bolarlar.

9. Angliýanyň «Liwerpul» futbol topary Niderlandlaryň we «Aýaksyň» hüjümçisi Kodi Gakpony düzümine goşdy. Toparlar futbolçynyň şertnamasyny golaýdaky transfer möwsüminde doly ylalaşarlar. Futbolçynyň şertnamasynyň möhleti 6 ýyla niýetlenip, transferiň töleginiň möçberi goşmaça bonuslary hasaba almazdan, 37 million funt sterlinge deňdir. Ýakynda tamamlanan futbol boýunça dünýä çempionatynda niderlandly hüjümçi 5 duşuşyga gatnaşyp, 3 gezek gol geçirdi.

10. Eýranyň futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Mehdi Taremi «Porto» futbol toparynyň taryhynda iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda öňe saýlandy. Ol portugal toparynyň taryhynda iň kän tapawutlanan futbolçylaryň ilkinji 25-ligine girdi. Dünýä çempionatyndan soň, Portugaliýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda «Žil Wisente» bilen geçirilen duşuşykdan soň (2:0) ol bu netijäni gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň