Soňky habarlar

Arhiw

Taremi «Portunyň» taryhyna girýär

16:4327.12.2022
0
22516

Eýranyň futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Mehdi Taremi «Portu» futbol toparynyň taryhynda iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda barha öňe ilerleýär. Bu barada IRNA agentligi ýazdy.

Has takygy, ol portugal toparynyň taryhynda iň kän tapawutlanan futbolçylaryň ilkinji 25-ligine girdi. Portugaliýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda «Žil Wisente» bilen geçirilen duşuşykdan soň (2:0) ol bu netijäni gazandy.

Taremi sanawda Jalmu bilen Lisandrony yzda galdyryp, 118 duşuşykda geçiren 64 goly bilen Tikinýo Soareşe deňleşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň