Soňky habarlar

Arhiw

Gakpo «Ýunaýtede» däl-de «Liwerpula» geçer

17:0527.12.2022
0
44569

Tomusdan bäri «Ýunaýtede» geçjekdigi barada köp gürrüň edilen oýunçy Kodi Gakpo iňlisleriň başga toparyna geçmäge ýakyn dur. Has takygy, Niderlandlaryň milli ýygyndysynyň wingeri «Liwerpulyň» düzümine goşular. Bu barada oýunçynyň häzirki kluby «PSW» mälim etdi.

Klubyň habarynda 23 ýaşly oýunçynyň tiz wagtda Angliýa ugrajakdygy we ol ýerde transferi amala aşyrmak üçin resmileşdiriş çärelerine gatnaşjakdygy aýdylýar.

«The Athletic» neşiriniň habar bermegine görä, «Liwerpul» Gakpo üçin goşmaça tölegleri hasaba almanyňda 37 million funt tölär.

Ýeri gelende bellesek, Gakpo 2018-nji ýyldan bäri «PSW-niň» düzüminde çykyş edýär. Ol şu möwsümde öz toparynyň düzüminde Niderlandlaryň çempionatynda 14 oýunda meýdança çykyp, 9 gol urdy hem-de 12 gola assistentlik etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň