CASCA+ (Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa) halkara multimodal ulag geçelgesiniň üsti bilen ilkinji gezek Özbegistandan Ýewropa iberilen konteýner otlusy Bakuwyň deňiz portuna geldi. Bu barada Interfaks-Azerbaýjan ýazýar.
Çeşmede konteýner otlusynyň Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portundan Bakuwyň portuna çenli «Balkan» ýük gämisi tarapyndan eltilendigi bellenýär.
«Mis konsentraty ýüklenen, her biriniň agramy 20 fut bolan 91 konteýnerden ybarat otly Bakuwdan Bolgariýanyň Burgas portuna ugradylar» diýip, çeşmäniň habarynda bellenilýär.
CASCA+ multimodal ulag taslamasy Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň demir ýol ulgamyndaky bilelikdäki başlangyjydyr.