Arhiw

Ýewropa ýük daşajak otly Türkmenistanyň çäginden geçer

16:4619.12.2022
0
43151

16-njy dekabrda Türkmenistanyň çäginden geçip, Merkezi ulag geçelgesi boýunça Ýewropa ýük daşaýan otly gatnawynyň ilkinji konteýner otlusy Özbegistandan ugrady. Bu barada «Uztemirýolkonteýner» habar berdi.

Özbegistanyň Almalyk Dag Metallurgiýa Kombinatynda öndürilen önümler ýüklenen bu konteýner otlusy 46 wagondan we 91 konteýnerden ybaratdyr. Ol umumylykda 4000 kilometr ýoly geçip, Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Bolgariýa/Ýewropa ugry boýunça hereket eder.

Degişli ugurda gatnawyň ýola goýulmagynda özbek tarapy Türkmenistandan «Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Azerbaýjandan «ADY Container LLC» hem-de Gruziýadan «GR Logistics and Terminals» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň