Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň uniwersitetlerinde kesgitlenen ýer boýunça okuwlar üçin arzalar 2023-nji ýylyň fewral aýyna çenli kabul ediler

17:3227.12.2022
2
72071

24-nji dekabrdan Russiýa Federasiýasynyň uniwersitetlerinde bilim almak üçin kesgitlenen ýer boýunça daşary ýurt raýatlaryndan, şol sanda türkmenistanlylardan arzalary kabul etmek başlandy. Munuň üçin «Daşary ýurtlular üçin Russiýa Federasiýasynda Bilim» portalynda elektron görnüşde hasaba alnyp we ýüz tutup bilersiňiz.

2023/24-nji ýyl okuw ýyly üçin anketalar 20-nji fewrala çenli kabul ediler. Dalaşgärler anketalary doldurmaly, şeýle hem suratlarynyň, pasportlarynyň skanirlenen nusgalaryny, bilim resminamalaryny we portaldaky elektron anketany dolduryp, «barlamak üçin» bölümine geçirmeli bolarlar.

Bular barada has jikme-jik maglumatlary Russiýanyň ​​daşary ýurtlardaky ilçihanalaryndan we Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň federal gullugy, daşary ýurtda ýaşaýan watandaşlar we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy bölüminden alyp bilersiňiz.

Ozal RF-niň ylym we ýokary bilim ministriniň orunbasary Natalýa Boçarowa 2021/22-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň raýatlary üçin kesgitlenen ýer sanynyň 250-ä çenli artdyrylandygy barada habar beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Keyigim ( 28.12.2022 )

Salam. Döwlet üsti bilen geldimika şul okuw?! Hem-de Diňe elektronny görnüşde ýazylyp bolýamy?

31
Emir852 ( 09.01.2023 )

Salawmaleykum, Yagny Hazir sonky mekdep okuw yylym, şu ýul başlangyç okuwy tamamlaýan , Russiýa okuwa girmek isleýän, Attestatym häzirlikçe ýok, indi almaly, okuwa tabşurmakçy bolsam resminamalarda attestat soralýar, näme mümkinçilikler bar, ýardam edäýseňiz

45