Russiýanyň Hökümeti Türkmenistanyň raýatlary üçin ýerleriň sanyny artdyrdy. Bu barada RF-niň Bilim we ylym ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
«2021//22-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň raýatlary üçin kesgitlenen ýer sany 220 orna deňdi, geljek okuw ýylynda bu san 250-ä çenli artdyrylar» - diýip, RF-niň ylym we ýokary bilim ministriniň orunbasary Natalýa Boçarowa Türkmenistanyň bilim ministri Gurbangül Ataýewa bilen Moskwada geçirilen duşuşykda aýtdy.
Ataýewa bu günki gün ýurtda tehniki, lukmançylyk we inženerçilik ugurlary boýunça hünärmenleriň isleg bildirilýändigini belledi.
Öň, Russiýa bilen Türkmenistanyň bilelikdäki türkmen-russiýa uniwersitetini döretjekdigini, şeýle hem rus ýokary okuw mekdeplerinde 30,7 müňden gowrak türkmen talyplarynyň bilim alýandygyny habar beripdik.
Belläp geçsek, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda bilim hakynda döwlet nusgasyndaky resminamalary özara ykrar etmek hakynda hökümetara ylalaşygyň hereket edýär.