Keniýaly suratkeş ýumurtga gabygyndan eser döredýär

11:1826.12.2022
0
17211
Keniýaly suratkeş ýumurtga gabygyndan eser döredýär
Surat: riafan.ru

Keniýaly suratkeş ýumurtganyň gabygyndan ajaýyp nakgaşlyk eserlerini döredýär, ol öz eserleri üçin materialy Naýrobiniň zibilhanalaryndan toplaýar diýip, «Habar 24» ýazýar.

Surat: riafan.ru

Suratkeş Miki Obandanyň aýtmagyna görä, ol şeýtmek bilen, şäheri zibilden arassalamaga kömek edýär. Ol öz işlerinde mozaika usulyndan peýdalanýar. Häzir onuň eserleri uly islege eýe. Sergilerden ötri Obanda eserlerini sosial ulgamlaryň üsti bilen satmagy ýola goýdy.

Surat: riafan.ru

Golaýda onuň işleri Keniýanyň iň meşhur Diani-Biç kurortynda sergide hem görkezildi. Galyberse-de, onuň nakgaşlyk eserleri Germaniýada, Niderlandlarda we ABŞ-da sergilendi. Ol ýerlerde Obandanyň işleri 150-den 15 müň dollara çenli nyrh bilen satyn alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň