Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

22:0724.12.2022
0
30727

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň täze, döwrebap merkezi — Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ir bilen Arkadag şäherine gelen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew garşylap, merkeziň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply gurluşyk işleri barada maglumat berdiler.

Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygyna welaýatyň täze merkezinde geljekde guruljak binalaryň we desgalaryň taslamalary, ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyry boýunça gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek, olary bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen bagly meselelere garaldy. Şeýle-de ýurduň hususy gurluşyk kompaniýalarynyň alyp barýan işleri, olaryň häzirki zaman tejribesinden we täzeçe usullardan peýdalanyşy barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň döwrebap derejede, ýokary hilli ýerine ýetirilmelidigi, şäherde sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylmalydygy, «akylly» şäher konsepsiýasynyň kadalarynyň berjaý edilmelidigi bilen baglylykda möhüm wezipelere ünsi çekdi hem-de birnäçe maslahatlaryny berdi.

Iş maslahatyndan soňra Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkezine «Arkadag şäheri» adynyň dakylmagy we ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen mähirli gutlap, iň gowy arzuwlaryny, hoşallyklaryny beýan etdiler.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkezine «Arkadag şäheri» adynyň dakylmagy bilen bagly bildirilen uly ynam üçin tutuş türkmen halkyna minnetdarlygyny beýan etdi.

— Halkyň ynamy meniň üçin ähli zatdan ýokarydyr, belentdir we mukaddesdir. Bu beýik ynam meni ýene-de köp işleri bitirmäge borçly edýär. Men mähriban halkymyň ynamyny ödejekdigimi, berkarar döwletimizi ösdürmek, ilatymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda gujur-gaýratymy gaýgyrmajakdygymy nygtamak isleýärin — diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy ýetip gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gyzgyn gutlap, türkmen halkyna täze ýyl arzuwlaryny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň