Şu gün Tokioda iş sapary bilen bolýan Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Tosiaki Endo bilen duşuşdy.
Duşuşykda soňky ýyllarda parlament diplomatiýasynyň möhüm orny eýelenýändigi bellenilip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň parlamentara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen öňe süren teklipleri we başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Şeýle-de okaň: