Gyrgyzystanyň Žogorku Keneşiniň parlament komiteti ýurduň ilatly ýerleriniň atlaryny üýtgetmek hem-de atsyz dag gerşine at dakmak baradaky kanun taslamalary makullady diýip, «Daryo.uz» ýazýar.
Kanun taslamalarynyň biri Týan-Şan dagynyň Sary-Jaz dag gerişlerindäki Günorta Inilçek buzlugynyň etrabynda ýerleşýän, beýikligi 5576 metr bolan belentlige «Birleşen Milletler Guramasynyň belentligi» diýen at dakmagy göz öňünde tutýar. Buzluk 567 inedördül kilometri eýelemek bilen, ol ýerdäki buzuň galyňlygy 150-den 220 metr aralykdadyr.
Beýleki taslamada ýurduň birnäçe oblastlaryndaky ilatly ýerleriň atlaryny üýtgetmek göz öňünde tutulýar. Olardan Jalalabat oblastynyň Taştak obasynyň ady Malkaldy, Naryn oblastyndaky Bolşewik obasy Baýaly Isakeýew diýlip atlandyrylyp bilner.
Kanun taslamalaryny teklip edijiler hökmünde Gyrgyzystanyň Ministrler Kabineti çykyş edýär. Indi resminamalara Parlamentde serediler.