Ýiti duýgulary halaýan adamlar üçin Hytaýda beýikligi tas bir ýarym müň metrlik basgançakdan ýöräp ýokary galmak teklip edilýär. Adaty bolmadyk ýoly batyrgaý adamlar ýörite egin-eşikde geçýärler diýip, «MIR 24» ýazýar.
«Asman basgançagy» attraksiony Sisin dagynda guruldy. 168 metrlik uzynlykdaky desga iki gaýanyň arasynda berkidilip, 50 gradus derejede gyşaryp bilýär. Basgançagyň ýokarky we aşaky böleklerinde urgan üçin sekiz berkitme bar. Olaryň her biri sekiz tonnadan gowrak agyrlygy götermäge ukyplydyr. 278 basgançak biraz yraň atýar, belentde şuwlaýan şemal bolsa has ýiti duýgulary döredýär.