Soňky habarlar

Arhiw

Kuwwat Çaryguliýewe, Döwletgeldi Amanlykowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakyldy

21:5021.12.2022
0
30239

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda aýdym-saz sungatyny ösdürmäge goşan saldamly goşantlary üçin, şeýle-de ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletiň we halkyň öňünde bitiren uly hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmeti nazara alnyp, Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» etnografik folklor tans toparynyň artisti Kuwwat Hojanazarowiç Çaryguliýewe hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy, aýdymçy Döwletgeldi Jumamyradowiç Amanlykowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň