Soňky habarlar

Arhiw

Saud Arabystanynyň daşary işler ministri türkmen talyplarynyň öňünde çykyş etdi

22:4719.12.2022
0
23926

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýetiniň Türkmenistanda saparda bolmagynyň çäklerinde, Aşgabatda dürli çäreler geçirildi. Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Emir Saud Al Faýsal adyndaky Diplomatiýany öwreniş institutynyň wekiliýetiniň Aşgabatda bolmagynyň maksatnamasy boýunça, myhmanlar ilki bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna bardylar. Olar üçin institut bilen tanyşlyk guralyp, bu ýokary okuw mekdebiniň enjamlaşdyrylyşy, şol sanda zerur bolan okuw gollanmalarydyr degişli tehniki serişdeler, telearagatnaşyk enjamlary bilen üpjünçiligi görkezildi. Bu ýerde döredilen Strategik barlaglar merkezi hem-de onda alnyp barylýan işler barada gürrüň berildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Saud Arabystany Patyşalygyndan gelen hormatly myhmanlaryň türkmen diplomatiýasynyň ýokary bilim ojagy bilen tanyşlygynyň çäklerinde, bu ýerde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Emir Saud Al Faýsal adyndaky Diplomatiýany öwreniş institutynyň wekilleriniň arasynda «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Ol «Saud-türkmen gatnaşyklary» diýlip atlandyryldy.

Soňra Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň öňünde çykyş etdi. Ýokary derejeli myhmanyň çykyşy halkara gatnaşyklar baradaky meselelere esaslanyp, ýurtlaryň bu babatda hyzmatdaşlygy ösdürmeginiň geljekki özara bähbitlere daýanýandygyndan ugur aldy. Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri şunda ýurtlaryň diplomatik edaralarydyr gulluklarynyň hyzmaty barada aýratyn belläp geçdi.

Dostlukly döwletiň daşary işler ministri öz çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk daşary syýasy ýörelgesiniň dünýä derejesinde doly goldanylýandygyna ünsi çekdi.

— Türkmenistan döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmekde işjeň hem-de başlangyçlar bilen çykyş etmek ýörelgelerine eýerip, Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge anyk goşandyny goşýar. Bu ugurda yzygiderli çäreleri görüp, Türkmenistan çuňňur oýlanyşykly we anyk kesgitlenen teklipleri yzygiderli öňe sürýär. Şol teklipler dünýä jemgyýetçiliginiň goldamagyna we makullamagyna eýe bolýar — diýip, Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud türkmen talyplarynyň öňünde eden çykyşynda nygtady.

Ministr munuň bilen baglanyşykly birnäçe mysallary aýtdy. Şol sanda ol BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan diňe şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça kabul edilen Kararnamalary mysal getirdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň