Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň daşary işler ministrini kabul etdi

22:1419.12.2022
0
23959

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman bin Abdulaziz Al Saudyň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Myhman Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Saud Arabystanynyň Patyşasyna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministriniň Türkmenistana bu gezekki saparynyň uzak möhletleýin türkmen-saud gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boljakdygyna ynam bildirip, iki dostlukly döwletiň daşary syýasat edaralarynyň geňeşmelerinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de myhmany Aşgabatda Saud Arabystany Patyşalygynyň Ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň açylmagy bilen gutlady.

Döwlet Baştutany şu ýyl Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýylyň dolandygyny belläp, Türkmenistanyň uzak möhletli geljegi nazarlaýan ikitaraplaýyn doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini aýtdy hem-de bu gatnaşyklary has-da belent derejä çykarmaga, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň iýun aýynda türkmen döwletiniň Baştutany hökmünde Saud Arabystany Patyşalygynyň mukaddes topraklaryna amala aşyran ilkinji saparyny — zyýaratyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, bu saparyň özünde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin saud tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany we Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri iki ýurduň hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklap, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn depginini we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly eksport-import mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler.

Duşuşykda ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýumlar, ulag we aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ylym, medeniýet ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri dostluk, özara hoşniýetli erk bilen berkidilen döwletara gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň