Top.Mail.Ru

TNGIZT-de haýalladylan kokslaşdyrma we gudronyň deasfaltizasiýasy desgasynyň gurluşygy tamamlanýar

16:0416.12.2022
0
19159

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtada işleýän zawodlar toplumynda haýalladylan kokslaşdyrma desgasynyň (HKD) we gudronyň deasfaltizasiýasy desgasynyň (GDAD) tamamlanyp barýar. Häzirki zaman desgalar TNGIZT-niň sargydy boýunça ABŞ-nyň «Westport Trading Europe Limited» kompaniýasy tarapyndan gurulýar. Bu barada Nebit-Gaz gazeti habar berýär.

Ultrahäzirki zaman HKD ýylda 0,9 mln tonna çig maly, GDAD blogy bolsa 0,5 tonna çig maly gaýtadan işlemäge niýetlenen. Bu desgalaryň işe girizilmegi nebiti çuňlaşdyryp gaýtadan işlemekde düýpli öňegidişligi aňladýar.

HKD-GDAD utgaşdyrylan desgasy zawod boýunça gaýtadan işlemegiň çuňlaşdyrmasyny 86%-den 92%-e çykarar. HKD-de gudronyň gaýtadan işlemesiniň galyndysy gaýtadan işlemäge goýlan başlangyç çig malyň bary-ýogy bäş göterimini düzer.

Şol bir wagtda çykyşda nebit koksy, benzin, hojalyk peç ýangyjy, agyr we ýeňil gazoýl, gaz öndürilýär. Koks — ýurduň içinde we daşynda uly islegden peýdalanýan önüm bolup, ol gara we reňkli metallurgiýada polat, alýuminiý we olaryň splawlaryny almakda ýangyç we reagent hökmünde ulanylýar.

Taslama boýunça nebit koksunyň beýleki kysymlary bilen birlikde, HKD ýokary goşulan bahaly iňňe şekilli koks hem öndürer. Ol ösen döwletleriň ykdysadyýetiniň strategiki pudaklarynda uly islegden peýdalanýar. Gudronnyň deasfaltlaşdyrmasynyň tehnologiki blogunda binýatlaýyn çalgy motor ýaglarynyň we ýokary oktanly ekologiýa taýdan arassy benziniň gymmatly çig maly işlenip taýýarlanylar. Gudronyň gaýtadan işlenilmegindäki asfalt we şepbik ýol gurluşygynyň häzirki zaman talaplaryna jogap berýän ýol bitumynyň önümçiligine gider.

GDAD blogy — importuň ornuny tutýan komponentleriň elýeterli çeşmesi. Ol awtomobil benzinleriniň, gidro arassalanan dizel, peç ýangyjynyň we beýleki nebit önümleriniň haryt hataryny giňeldýär. TNGIZT-de döwrebap, ýokary tehnologik we netijeli önümçilikleriň döredilmegi «2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň Maksatnamasynyň» wezipelerine laýyk gelýär. TNGIZT-niň täze senagat desgalarynyň sany barha artýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň