Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Moskwada rus kärdeşi bilen duşuşdy

16:1915.12.2022
0
43682
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Moskwada rus kärdeşi bilen duşuşdy
Surat: www.minzdrav.gov.ru

Şu gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Myrat Mämmedow Moskwada Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Tatýana Semenowa bilen duşuşdy. Duşuşyk Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginde geçirildi diýlip, ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşykda saglygy goraýyş pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary derejesi bellenildi.

Tatýana Semenowa, türkmen saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleriniň häzirki zaman lukmançylyk enjamlaryny ulanmaga aýratyn üns berýän goşmaça hünär bilim maksatnamalary boýunça Russiýada yzygiderli tälim alýandygyny aýtdy. Myrat Mämmedow hem öz gezeginde pandemiýa döwründe iki ýurduň arasynda amala aşyrylan hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi we Türkmenistanyň ýokary netijeliligi täze koronawirus ýokanjyna garşy «Sputnik V» sanjymyny alan ilkinji döwletleriň biridigini aýtdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar 2023-nji ýylda saglygy goraýyş pudagynyň ähli derejelerindäki gatnaşyklary dowam etdirmek we güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň