Soňky habarlar

Arhiw

Ýaş nesle öz Watanyny söýmegi, oňa wepaly gulluk etmegi arzuw edýärin

05:3306.06.2015
0
4843

Anatoliý Makoýed 1969-njy ýylda serhetde gulluk etmäge geldi. Aradan 8 ýyl geçensoň, ony Sowet goşunynyň gizlin bölümine — ýörite tehniki razwetka ugratdylar. Onuň käbir operasiýalary häli-häzirem “Örän gizlin” diýen belgi astynda saklanylýar.

—Anatoliý Fýodorowiç, siz nireden bolarsyňyz?

—Günbatar Belarusdan. Meniň dogduk depäm — Gawrilçisy obasy 1940-njy ýyla çenli Polşa degişli bolypdy. 1944-nji ýylda bu ýerler azat edilensoň, kakamy Gyzyl goşunyň hataryna çagyrdylar we ol Berline çenli baryp ýetdi. 1947-nji ýylda uruşdan dolanyp gelip, öýlenipdir. 1948-nji ýylda bolsa men dünýä inipdirin.

—Ykbal sizi nädip serhet gullugyna getirdi?

—Mekdebi tamamlansoň, tokay hojalygynda işledim. 21 ýaşymda gulluga çagyrdylar. Türkmenistan SSR-ine ugratdylar. Aşgabatdan alty kilometr uzaklykda bolan, Köpetdagyň eteginde Eýran bilen serhetde ýerleşen “Newtonowka” serhet birikmesinde gulluk etdim.

—Üýtgeşik tebigy şertlerde agyr düşmedimi?

—Ýok-la, men ýadym we çydamlydym… Orta Aziýadaky ilkinji Täze ýyl hiç ýadymdan çykanok: köçelerde howanyň temperaturasy 21 gradus yssy, mekdep okuwçylary Täze ýyl arçasyna ýeňil eşikde barýarlar…

—Ýerli ilat bilen araňyz nähilidi?

—Türkmenler — ajaýyp halk. Biz bir maşgala ýaly bolup ýaşadyk. Serhedi bozýanlara garşy diňe biz däl, eýsem, ýerli ýaşaýjylar hem göreşýärdiler.

—Siziň durmuşyňyzyň gizlin bölegi haçan başlady?

—1977-nji ýylda meni ýörite tehniki razwedkanyň ýörite birikmesine iberdiler. Taýýarlyk geçdim, pars dilini öwrendim. Aşgabatdan uzakda ýerleşmedik ýerde gulluk etdim. Dogry düşüniň, bu ýerde geçiren işlerimiz barada maglumat berip bilemok…

—Siziň ýörite birikmäňiz Owganystanda bolan urşa hem gatnaşdymy?

—Hawa. Haçanda 1989-njy ýylyň 15-nji fewralynda general-leýtenant Gromow teleýaýlym boýunça sowet goşunlarynyň soňky tapgyrynyň sowet-owgan serhedini geçýändigini aýdanda, biz kärdeşlerimiz bilen ýylgyrman bilmedik. Çünki serhet goşunlary heniz Owganystanda galýardy.

—Siz haýsy ýyla çenli ýörite birikmede gulluk etdiňiz?

—1996-njy ýylyň awgustyna çenli. Şol ýyl maňa Goranmak ministrliginde Orýol şäherinde iki otgaly jaý hödürlediler. Biz-aýalym ikimiz maslahatlaşyp, göçüp gitmek kararyna geldik.

—Sizi Orýolda nähili garşyladylar?

—Umuman, başda ýeňil düşmedi. Ýöne soňra ähli zat ýerbe-ýer boldy. Her ýyl aýalym bilen Watanyma — Belarusa gidip gelýäris. Gyzymyz Moskwada işleýär.

—Siziň şu günki gün gulluk edýän oglanlara aýtjak-diýjek zatlaryňyz barmy?

—Mem ömrümiň köp bölegini serhetde gulluk etmäge bagyşladym. Ýaş nesle öz Watanymy söýmegi, oňa wepaly gulluk etmegi arzuw edýärin.             

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň