Ilham Aliýew sapar bilen Awaza geldi

11:0014.12.2022
0
26880
Ilham Aliýew sapar bilen Awaza geldi
Surat: president.az

Şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň üçtarplaýyn sammitine gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. Bu barada azerbaýjan Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenbaşynyň Halkara howa menzilinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewi we onuň maşgalasy Mehriban Aliýewany Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan we maşgalasy Emine Ärdogan Türkmenistana sapar bilen geldi.

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň