Şu gün Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň Prezidentleriniň ilkinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.
Dostlukly döwletiň Baştutanyny Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň energetika we tebigy baýlyklar ministri Fatih Dönmez, Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly, Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi hem-de beýleki wezipeli adamlar garşyladylar.
Habar berilmegine görä, Türkiýäniň wekiliýetiniň düzüminde Emine Ärdogan, söwda ministri Mehmet Muş, AK partiýanyň başlygynyň orunbasary we partiýanyň metbugat sekretary Ömer Çelik, Prezidentiň Goranmak senagatynyň prezidenti Ysmaýyl Demir, Prezidentiň aragatnaşyk müdiri Fahrettin Altun we Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalin hem bar.