Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan dizel ýangyjynyň bahasy iň arzan ýurtlaryň hataryna girdi

07:3009.12.2022
0
28757

Türkmenistanda dünýäde dizel ýangyjynyň bahasy iň arzan ýurtlaryň biridir. Bu barada «GlobalPetrolPrices» portaly tarapyndan dünýäde dizel ýangyjynyň bahasy boýunça taýýarlanan reýtinginde degişli maglumatlar berilýär.

5-nji dekabrda çap edilen iň soňky maglumatlara görä, Türkmenistanda bir litr dizel ýangyjynyň bahasy 0.390 dollara deň bolup, ol bu barada dünýäde dokuzynjy ýerde durýar.

Sanawda birinji orunda Eýran ýerleşip, bu ýurt dizel ýangyjyň iň arzan döwleti boldy. Eýranda bir litr dizel ýangyjy üçin 0.011 dollar tölemek ýeterlikdir. Şeýle hem ilkinji üçlüge Wenesuela we Liwiýa girdi. BU ýurtlarda bir litr dizel ýangyjynyň bahasy degişlilikde 0.016 we 0.031 dollara barabar.

Ýeri gelende bellesek, dünýäde dizel ýangyjynyň ortaça bahasy litr üçin 1,33 dollar diýlip hasaplanylýar.

Mundan ozal, Türkmenistanyň AI-95 benzininiň bahasy iň arzan döwletleriň hatarynda hem ilkinji onluga girendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň