Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda BAE-niň 51-nji Milli güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik guraldy

23:5003.12.2022
0
30319

BAE-niň Aşgabatdaky ilçihanasynda ýurduň 51-nji Milli güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik guraldy. Dabarada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Wise-premýer öz çykyşynda Birleşen Arap Emirlikleriniň durmuş-ykdysady ugurda, döwlet gurluşyny berkitmekde we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda gazanan uly üstünlikleri bilen dünýäde giňden ykrar edilendigini aýtdy.

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklary ýokary düşünişmek we ýakyn hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe. Iki ýurduň arasyndaky söwdanyň ösmegi we emirlikleriň maýadarlarynyň Türkmenistanda durmuşa geçirilýän birnäçe möhüm taslamalara gatnaşmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Şu nukdaýnazardan, çykyşda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi sapary we onuň çäginde geçirilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze tapgyryny esaslandyran duşuşyklar we gepleşikler bellendi.

Häzirki wagtda Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşy bolmak bilen, şu ýylyň dokuz aýynda ikitaraplaýyn nebit däl söwdanyň möçberi 653 million dollara barabar bolup, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 296% ösüş gazanyldy. Muny BAE-niň ilçisi Ahmed Al-Haý Al-Hameli mälim etdi.

Ýeri gelende bellesek, bu baýram ýedi emiriň agzybirliginiň hormatyna bellenilip geçilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň