Arhiw

TÝL ― 2022: «Ahal» myhmançylykda «Energetigi» uly hasap bilen ýeňdi

19:5403.12.2022
0
18782

«Ahal» Türkmenistanyň futbol çempionatynda nobatdaky uly hasaply ýeňşini «Energetik» bilen bolan duşuşykda gazandy.

24-nji tapgyryň çäginde Mary şäherinde geçirilen duşuşykda «Ahal» 5:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Toparyň gollarynyň ikisini Didar Durdyýew (34-nji we 57-nji minutlarda) geçirdi. Beýleki gollary bolsa Arzuwguly Saparow (37), Daýanç Meredow (84) we Meýlis Diniýew (89) geçirdi.

Duşuşyk 0:4-kä «Energetigiň» ýeke-täk pökgüsini Teýmur Çaryýew 86-njy minutda öz adyna ýazdyrdy.

Bu ýeňişden soňra utugyny 63-e çykaran «Ahal» çempionaryň başyny çekmegi dowam etdirýär. 15 utukly «Energetik» bolsa ýedinji orunda barýar.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň şu möwsüminiň tamamlanmagyna dört tapgyr galdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň