Halkara habarlar merkezini açmak teklip edildi

22:4802.12.2022
0
20779

Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň halkara habarlar işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hasabatda beýan edilişi ýaly, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde Halkara habarlar merkezini açmak teklip edilýär. Merkeziň esasy wezipesi ýurtda bolup geçýän möhüm wakalara bagyşlanan gepleşikleri, gysga görnüşli dokumental filmleri, wideogörnüşleri taýýarlamakdan we daşary ýurtlaryň teleýaýlymlarynda görkezmekden, ýörite neşirleri çap etmekden hem-de beýlekilerden ybarat bolar.

Birnäçe ugurdaş bölümlerden ybarat bolan täze merkezi Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki Halkara ýaýlyma beriş merkezinde ýerleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellendi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleriniň dünýäniň maglumat giňişliginde mynasyp görkezilmelidigini nygtady. Halkara jemgyýetçiligi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugrunyň we içeri syýasatynyň esasy ugurlary, ýurduň täze taryhy eýýamda ähli ulgamlarda gazanýan üstünlikleri bilen giňden tanyşdyrmak maksady bilen netijeli çäreleriň görülmelidigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara maglumat giňişligine goşulmagy boýunça maksadalaýyk işleri dowam etmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hasabatynyň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň Marokkoda geçirilýän 17-nji mejlisinden gelip gowşan hoş habar barada aýtdy hem-de şonuň bilen baglylykda döwlet Baştutanyna gutlaglaryny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasy esasynda, türkmen keşdeçilik sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek barada biragyzdan çözgüt kabul edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu hoş habary kanagatlanma bilen kabul etdi hem-de mejlise gatnaşyjylary we ähli watandaşlaryny bu ajaýyp halkara üstünlik bilen gyzgyn gutlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň