Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisini geçirdi

22:0102.12.2022
0
16491
Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli käbir möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de pudaklary ösdürmek bilen bagly taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdiler.

Mejlisiň iş toparynda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleriň öwrenilýändigi, kanunylygy we hukuk tertibini berkitmek, kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak, döwlet emlägini hususylaşdyrmak, şeýle-de halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, deputatlaryň gatnaşýan çäreleri, şol sanda geçirýän wagyz-nesihat işleri barada aýdyldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň netijeleri barada hem maglumat berildi.

Hökümet mejlisinde wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, şol sanda geçirilen çäreler, olaryň netijeleri, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, türkmen wekiliýetleriniň daşary ýurtlara saparlarynyň jemleri, öňde boljak çärelere, şol sanda baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri, Bitarap Türkmenistanyň gazanýan halkara üstünlikleri barada hasabatlary berdiler.

Mejlisde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutany Karara gol çekip, ony degişli wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we bu resminamanyň düzgünleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisiň barşynda toplumlarda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary ösdürmek ugrundaky wezipeler, baýramçylyklara taýýarlyk görmek bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň