Soňky habarlar

Arhiw

Fransuz bageti ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

10:2901.12.2022
0
25640

Fransiýanyň baget çöregi ÝUNESKO halkara guramasynyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi diýlip, guramanyň saýty habar berdi. Bu barada «MIR 24» ýazýar.

Häzirki wagtda Marokkoda guramanyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara geňeşiniň 17-nji sessiýasy dowam edýär. Hünärmenler beýleki gymmatlyklar bilen bir hatarda Fransiýanyň «Baget çöregini bişirmegiň ussatlygy we medeniýeti» atly ýüztutmasyny saýladylar.

Öň, 2018-nji ýylyň başynda ýurduň milli çöregini ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak barada teklip bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron çykyş edipdi.

«Baget fransuzlaryň gündelik durmuşydyr, bu çörek aýratyn taryhdyr, ol fransiýalylaryň gündelik ertirligi, günortanlygy we şamlygydyr. Oňa bütin dünýäde höwes edýärler» diýip, fransuz lideri nygtapdy.

ÝUNESKO-nyň sanawyna şeýle-de Hytaýyň çaý medeniýetiniň hem girizilendigi habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň