Owgan hökümeti TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gysga wagtda başlanjakdygyny mälim etdi

22:4030.11.2022
0
18493

Owganystanyň magdan we nebit ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar TOPH taslamasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow we Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow bilen geçirilen duşuşykda gaz geçiriji boýunça amaly işe başlamagyň zerurdygyny aýtdy diýip «Ariananews» habar berýär.

Bellenilişi ýaly, uzynlygy 1814 kilometre barabar we ýylda 30 milliard kub metr tebigy gaz kuwwaty bolan TOPH gaz geçirijisiniň (Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan) gurluşygyna 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda badalga berildi. Bu gaz geçirijisi Türkmenistana gaz eksportyny diwersifikasiýa etmäge, Kabuldaky dartgynlygy durnuklaşdyrmaga, şeýle-de Yslamabat bilen Delidäki energiýa meselelerini çözmäge.

— Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Owganystanda has köp iş we maýa goýumlary dörediler. Owganystanyň howpsuzlygynyň durnuklylygyndan peýdalanyp, iki ýurduň hyzmatdaşlygy boýunça gysga wagtda TOPH taslamasy boýunça amaly işe başlamalydyrys – diýip, Delewar belledi.

Şeýle hem ministr TOPH taslamasyny iň uly ykdysady taslamalaryň biri diýip atlandyrdy. Türkmen tarapyndan jogapkär M.Amanow taslama bilen bagly häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada aýdyp, Türkmenistanyň bu gaz geçirijisi bilen bagly amaly işlere gysga wagtda başlamaga çalyşýandygyny nygtady. Şeýle hem Owganystanyň Hyrat welaýatynda gaz paýlaýyş gorlarynyň gurluşygyny göz öňünde tutup, belli bir meýilnama hödürlenjekdigini habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň