Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Eýranyň energetika ministrini kabul etdi

21:3530.11.2022
0
25638
Serdar Berdimuhamedow Eýranyň energetika ministrini kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Habar berşimiz ýaly, şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabian iş sapary bilen Aşgabada geldi. Ministr saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Resmi eýran elektron neşirlerinde habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda suw we energetika ýaly dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de taraplar iki ýurtda bar bolan mümkinçiliklere esaslanyp, energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi we ikitaraplaýyn şertnamalaryň uzaldylmagy barada pikir alyşdylar.

Meýilleşdirilen maksatnama laýyklykda, Eýranyň energetika ministri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary we energetika ulgamynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirer. Türkmen-eýran gepleşikleriniň esasy maksady iki ýurdunyň arasynda energiýa alyş-çalşygynyň depginini artdyrmakdan, Türkmenistanyň elektrik toguny üstaşyr geçirmegiň mümkinçiligi, energiýa pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, Harirud we Atrak derýalaryny gazmak hem-de olary döwrebaplaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan, şeýle-de Türkmenistanyň, Eýranyň we Owganystanyň arasynda Harirud derýasy babatynda üçtaraplaýyn şertnamany taýýarlamakda Aşgabat bilen Tähranyň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri boýunça pikir alyşmakdan ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň