Hindistanly fermerler öz ekin meýdanlaryny dürli howplardan: himiki zyňyndylardan, kömür senagatyndan, ýabany pillerden we zyýankeşlerden goramak üçin dürli usullary oýlap tapmaly bolýarlar. Emma olar üçin iň kyn meseleleriň biri-de maýmynlaryň ekin meýdanlaryna hüjümi diýip, «vfokuse.mail.ru» ýazýar.
Ýurduň Uttar-Pradeş ştatynyň Dadwa tebigy goraghanasynyň golaýynda ýaşaýan oba hojalykçylar maýmynlaryň soňsuz hüjümlerinden ýadadylar, maýmynlar hasyly iýenleri-hä iýenleri, köp bölegini haraplaýarlar.
Kän gezek arz edilendigine garamazdan, ne obanyň kethudasy, ne-de ýerli häkimiýetler bu meseläni çözmek üçin baş galdyrmaýarlar. Indi daýhanlar munuň çözgüdini tapdylar, olar aýynyň eşigini geýnip, ekin meýdanlaryny goraýarlar diýip, «New York Post» gazeti gürrüň berýär. Indi tutuş oba aýynyň eşigini tikmäge başlady, olary geýnen obalylar gezekme-gezegine ekin meýdanlaryny garawullaýarlar. Maýmynlar hem «aýyny» gördükleri meýdandan gaçmak bilen bolýarlar. Emma «aýy» ýokmy, ýene ajyhurş, bugdaý, şekerçiňrik hasylly meýdanlara çozýarlar.
Dadwa tebigy goraghananyň iş dolandyryjysy Lalit Werma ýerli daýhanlary maýmynlardan goranmak üçin maslahatlara yzygiderli ýygnap, has döwrebap ýollary öwredýändiklerini, emma daýhanlaryň ylmy usullardan aýy eşigini geýmegi amatly tapandyklaryny gürrüň berýär.