Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Horwatiýa ýeňiş gazandy, Ispaniýa Germaniýa bilen deň oýnady

10:2928.11.2022
0
13451
DÇ-2022: Horwatiýa ýeňiş gazandy, Ispaniýa Germaniýa bilen deň oýnady
Surat: a-sports.tv

27-nji noýabrda Horwatiýanyň ýygyndysy Kanadany 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Horwatiýa ýeňiş getiren gollara Kramariç (36, 70), Liwaýa (44) we Maýer (90+4) dagy awtorlyk etdiler. Kanadanyň ýeke-täk goluny Alfonso Dewis (2) derwezä ýollady.

Şeýlelikde, Horwatiýa 4 utuk bilen «F» toparçasynda birinji orna ornaşdy. Edil şonça utuk toplan Marokko ikinji orunda ýerleşen bolsa, Belgiýa 3 utuk bilen üçünji orunda dur. Hiç hili utuk gazanmadyk, şol sebäpli-de pleý-off tapgyryna çykmaga mümkinçiligini ýitiren Kanada iň soňky orunda barýar.

Indiki tapgyrda Horwatiýa Belgiýa bilen garşylaşsa, Kanada Marokko bilen güýç synanyşar. Oýunlaryň ikisi hem 1-nji dekabrda bolup geçer.

27-nji noýabrdaky oýunlary Ispaniýa — Germaniýa duşuşygy jemledi. Oýun 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Gollaryň ikisi hem ikinji ýarymda uruldy. 62-nji minutda Morata ispanlary hasapda öňe çykardy. Nemesler bu gola 83-nji minutda Fýullkrugyň dürs urgusy bilen jogap gaýtardylar.

Şunlukda, Ispaniýa utuklarynyň sanyny 4-e ýetirip «E» toparçadaky liderligini saklap galdy. Ýaponiýa 3 utuk bilen ikinji ýeri, Kosta-Rika edil şonça utuk bilen üçünji ýeri eýeläp dur. Germaniýa bolsa 1 utuk bilen iň soňky orunda barýar.
Indiki tapgyrda Ispaniýa Ýaponiýa garşy meýdança çyksa, Germaniýa Kosta-Rika bilen güýç synanyşar. Oýunlar 1-nji dekabrda 23:55-de başlanar.

27-nji noýabrda geçirilen oýunlaryň netijeleri:

  • «E» toparça. Ýaponiýa — Kosta-Rika 0:1
  • «F» toparça. Belgiýa — Marokko 0:2
  • «F» toparça. Horwatiýa — Kanada 4:1
  • «E» toparça. Ispaniýa — Germaniýa 1:1

28-nji noýabrda geçiriljek oýunlar:

  • «G» toparça. Kamerun — Serbiýa — 15:00
  • «H» toparça. Koreýa Respublikasy — Gana — 18:00
  • «G» toparça. Braziliýa — Şweýsariýa — 21:00
  • «H» toparça. Portugaliýa — Urugwaý — 00:00
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň