Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan – abadançylygyň we sagdynlygyň ýurdy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

20:0825.11.2022
0
14141

25-nji noýabrda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara binasynda, agentligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň hünärmenleriniň hem-de Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda, ýurtda neşe serişdelerine hem-de kontrabanda ýoly bilen getirilen temmäki önümlere garşy alnyp barylýan işler boýunça we sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek bilen baglanyşykly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Maslahatyň başynda Türkmenistanda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirýändigi we ýurtda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini bilen bagly taýýarlanan wideorolik görkezildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda dünýäniň global meseleleriň biri bolan neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we häzirki zamanyň wehimlerine garşy göreşmek babatda işjeň syýasaty durmuşa geçirýär. Maslahatda sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň wagyz etmek arkaly, ýaşlaryň sporta bolan söýgüsini has-da artdyrmak we olarda saglyk üçin zyýanly endiklere garşy durmak ukybyny berkitmek meseleleri boýunça gürrüň edildi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň