Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanyň DIM-niň orunbasary Türkmenistanda ilçi wezipesine bellenildi

19:4825.11.2022
0
32183
Gyrgyzystanyň DIM-niň orunbasary Türkmenistanda ilçi wezipesine bellenildi
Surat: www.mfa.gov.kg

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Azizbek Madmarowy Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky täze ilçisi edip belledi. Döwlet Baştutanynyň degişli Karary şu gün Gyrgyzystanyň Prezidentiniň resmi web sahypasynda neşir edildi.

Azizbek Madmarow Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň ulgamynda dürli wezipelerde zähmet çekdi. Täze ilçi şeýle-de, ODBK sekretariatynda (Moskwa) bölüm müdiri bolup işledi. 2006-njy ýyldan 2010-njy ýyla çenli Azizbek Madmarow Gyrgyzystanyň Özbegistandaky ilçisi boldy.

Madmarow Türkmenistanda ilçi wezipesine bellenmezinden ozal, 2018-nji ýylyň awgust aýyndan Gyrgyzystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bolup zähmet çekdi.

2021-nji ýylyň maýyndan 2022-nji ýylyň awgustyna çenli Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesini Talant Soltanow ýerine ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň