Turkmenportal logo
02.08.22
82478247
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Talant Soltanow Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesinden boşadyldy

Talant Soltanow Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşadyldy. Bu baradaky resminama Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow şu gün gol çekdi diýip, gyrgyz Hökümetiniň Metbugat gullugy habar berýär.


Ozal habar berşimiz ýaly, T.Soltanow Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine 2021-nji ýylyň 25-nji iýunynda bellenildi.