Soňky habarlar

Arhiw

2023-nji ýylda Awazada halkara maslahatlar geçiriler

12:2025.11.2022
0
29495

2023-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara derejeli çäreleriň birnäçesi geçiriler. Bu barada wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow düýn Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ajaýyp künjegiň syýahatçylyk mümkinçiliklerini artdyrmak barada geçiren maslahatynda hasabat berdi.

Has takygy, maslahatda 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň wekillerini, hünärmenlerini Türkmenistana çagyrmak we olaryň amala aşyrjak saparynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara syýahatçylygyň ösdürilmegine bagyşlanan maslahaty guramak baradaky teklip öňe sürüldi.

Şeýle hem 2000-nji ýylyň noýabrynda kabul edilen Syýahatçylyk arkaly parahatçylygy berkitmek baradaky Amman Jarnamasyna esaslanyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ÝUNESKO bilen bilelikde 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda «Syýahatçylyk arkaly parahatçylyk medeniýetini berkitmek» atly sebitleýin forumy geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegiň teklip edilýändigi nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň