TÝL ― 2022: jemleýji aýlawa badalga berler

11:2125.11.2022
0
15171

Şu gün ― 25-nji noýabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda ahyrky ― dördünji aýlawa badalga berler. Aýlaw 22-nji tapgyryň duşuşyklary bilen başlanar.

Geçen möwsümlerden tapawutlylykda, şu möwsümde «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol toparynyň üstünligi aç-açan göze ilýär. Mergen Orazowyň şägirtleri häzir iň ýakyn garşydaşy «Altyn asyrdan» 11 utuk öňde. Eger topar şu aralygy ýygyrman dowam edip bilse, ýene dört tapgyrdan soň ― 25-nji tapgyrda çempionlygyny yglan edip biler.

«Altyn asyr» bolsa üçünji orundaky «Merwden» 13 utuk öňde. Eger topar utuk ýitirmese ýa-da «Merw» käbir duşuşyklarda utuk ýitirse, 24-nji tapgyrdan soň «Altyn asyr» kümüş medalyň gürrüňsiz eýesi bolup biler.

Möwsüm 20-nji dekabrda geçiriljek 28-nji tapgyryň duşuşyklary bilen tamamlanar. Türkmenistanyň çempiony AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 2023/2024-nji ýyllarynyň möwsüminde toparçalaýyn ýaryşa goşulmaga hukuk gazanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň