Soňky habarlar

Arhiw

Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

06:2330.05.2015
0
3257

29-njy maýda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Abdul Maligi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin milletiň Liderine hoşallyk bildirdi hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Husseýniň we premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarifiň salamyny hem-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa we türkmen halkyna bagt, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly halkyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de  Türkmenistanyň sebitdäki goňşy döwletler, hususan-da, Pakistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, bu ýurt bilen diňe bir çäk babatdaky  ýakynlyk däl-de, taryhyň jümmüşinden gaýdýan medeniýetleriň we däp-dessurlaryň umumylygynyň hem birleşdirýändigini aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalarynyň hem-de  sebit düzümleriniň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen asylly işinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Duşuşygyň çäklerinde  döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar boldy. Ýokary derejede özara ynam we birek-birege hormat goýmak esaslarynda ýola goýlan gatnaşyklar, şeýle hem iki dostlukly ýurduň halkara durmuşynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça garaýyşlaryň ýakynlygy ýa-da gabat gelmegi hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Ilçi öz ýurdunyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň çalt durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, bu turbageçirijiniň çekilmeginiň taslama gatnaşýan ýurtlaryň ykdysady ösüşine ýardam etjekdigine hem-de sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň  möhüm şerti boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti we myhman söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga degişli beýleki meseleleriň hem birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplaryň biragyzdan bellemegine görä, däp bolan medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda berlen, şu ýyl 20 ýyllygy belleniljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesiniň iki ýurduň gatnaşyklaryndaky ähmiýeti we möhüm orny aýratyn bellenildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň