Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow milli puly daşary ýurt puluna öwürmekde emeli usulda kynçylyklaryň döredilýändigini belledi

20:3124.11.2022
1
136825

23-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dünýädäki ýagdaýlar bilen baglylykda, ýurduň maliýe ulgamynyň we banklarynyň önümçilik kärhanalaryna goldaw bermegi ilkinji nobatdaky möhüm wezipe hökmünde kesgitledi.

Bellenilişi ýaly, tölegleri geçirmekdäki kynçylyklar, milli puly erkin ýörgünli daşary ýurt puluna öwürmekde emeli usulda kynçylyklaryň döredilmegi, zerur çig malyň möhletinde üpjün edilmändigi üçin önümçilik kuwwatlyklarynyň doly güýjünde işledilmezligi bilen ylalaşyp bolmaz. Biz şeýle önümçilik kärhanalarynyň bardygyny bilýäris diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de ýurduň önümçilik kärhanalary kadaly işlände, dürli önümleriň has köp öndüriljekdiginiň, tölenýän salgytlaryň möçberiniň artjakdygynyň, şonuň netijesinde bolsa býujete gelip gowuşýan serişdeleriň hem köpeljekdiginiň düşnüklidigini belledi. Bu babatda maliýe-bank ulgamyna şu soraglary seljermegiň we çalt netijeleri berýän çözgüdi tapmagyň zerurdygy barada aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň