Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow BAE-niň kompaniýalaryny Türkmenistanyň taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy

22:2022.11.2022
0
10300
Serdar Berdimuhamedow BAE-niň kompaniýalaryny Türkmenistanyň taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Abu-Dabide türkmen-emirlikler işewürlik forumynda çykyş edip, BAE-niň kompaniýalaryny Türkmenistanyň taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmen döwletiniň Baştutany öz çykyşynda Türkmenistanyň nebit pudagynda «Dragon Oil» kompaniýasynyň üstünlikli işläp gelýändigini aýdyp, BAE-niň beýleki kompaniýalaryny hem ýurduň energetika pudagyny, gazhimiýa senagatyny ösdürmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Birleşen Arap Emirliklerini, onuň işewürler toparlaryny biz geljegi uly hyzmatdaşlarymyz hökmünde görýäris. Häzirki döwürde Türkmenistanyň we BAE-niň gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak üçin ähli mümkinçilikler bar — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýratyn belledi.

Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda köpugurly ulag ulgamyny kemala getirmek boýunça işler amala aşyrylýar, hususan-da, deňiz ulag ulgamynyň düzümi giňeldilýär, täze awtomobil, howa, demir ýol ulag merkezleriniň we geçelgeleriniň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda Balkan welaýatynyň Jebel şäherinde Halkara howa menziliniň toplumynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek hakyndaky karz ylalaşygyna 2021-nji ýylda gol çekilmegine ýokary baha berýäris. Biz ýurdumyzda ulag-üpjünçilik ulgamlarynyň beýleki taslamalaryna hem BAE-den hyzmatdaşlary çekmäge taýýar» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

— Türkmenbaşy Halkara deňiz porty özüniň häzirki derejesinde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça halkara ähmiýetli örän iri ulag merkezleriniň biri bolup durýar diýsek, ulaldyp aýtdygymyz bolmaz.Türkmenbaşy portunyň Birleşen Arap Emirlikleriniň çäklerindäki portlar bilen logistik baglanyşygynyň ýola goýulmagynyň bu maksada doly laýyk gelýändigine, BAE-niň portlary dolandyrmaga we logistik hyzmatlara ýöriteleşdirilen kompaniýalary üçin özüne çekiji taslama bolup biljekdigine ynanýaryn — diýip, türkmen döwletiniň Baştutany nygtady.

Himiýa senagatynda kooperasiýanyň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berilýändigini belläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda Türkmenabat şäherinde garyşyk mineral dökünlerini öndürýän himiýa zawodynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda karz ylalaşygyna gol çekilendigini ýatlatdy we onuň öz doly netijesini berjekdigine, geljegi uly bu pudakda gatnaşyklaryň geriminiň giňeldiljekdigine ynam bildirdi.

«Türkmenistan ägirt uly nebitgaz serişdelerine eýe bolan ýurt bolmak bilen bir hatarda, «ýaşyl» energetikany hem ösdürmäge çalyşýar» diýip, döwlet Baştutany belledi.

Sözüniň dowamynda türkmen Lideri ýöriteleşdirilen IRENA guramasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça Türkmenistanyň tagallalaryny goldandygy üçin BAE-niň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Hökümetiniň we Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda ýurtda gibrid elektrik stansiýasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda karz ylalaşygyna gol çekildi.

— Men giň möçberli, ösüşe niýetlenen bilelikdäki taslamalaryň zerur bolan döwrüne ýetendigimize ynanýaryn. Bu taslamalar ykdysady hyzmatdaşlygyň hereketlendiriji güýjüne öwrülip, täze maýa goýumlary çekmek, garyşyk önümçilikleri döretmek, häzirki zaman hyzmatlar ulgamyny emele getirmek üçin täze mümkinçilikleri açyp bilerler. Umuman, bu taslamalar uzak möhletli, strategik, toplumlaýyn türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň başlanmagyna itergi berip bilerler. Biz munuň üçin iň amatly kanunçylyk we guramaçylyk şertlerini döretmäge, maýadarlara salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş we beýleki ýeňillikler görnüşinde berilýän zerur goldawy üpjün etmäge taýýardyrys — diýip, türkmen döwletiniň Baştutany nygtady.

Häzirki döwürde Birleşen Arap Emirlikleriniň dünýäniň örän iri maliýe merkezleriniň biri hasaplanýandygyny belläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow BAE-niň maliýe ulgamynyň, maliýe-karz edaralarynyň, ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň, biržalarynyň döreýşiniň we hereket edişiniň üstünlikli tejribesine uly gyzyklanmasyny beýan etdi.

— Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Dubaýyň Yslam ykdysady ösüş merkeziniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň beýleki bank we maliýe düzümleriniň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly umyt edýäris — diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Şu babatda Abu-Dabiniň ösüş gaznasy bilen Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň arasynda hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurtda «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» paýdarlar jemgyýetiniň döredilendigi bellenildi. Bu kompaniýanyň maliýeleşdirmek üçin maýa goýum taslamalaryna seretmäge we olary seçip almaga eýýäm girişendigi barada aýdyldy.

Milli ykdysadyýeti pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada gürrüň berip, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň jemi içerki önümiň möçberinde hususy eýeçilikdäki kärhanalaryň paýyny tapgyrlaýyn artdyrmagy göz öňünde tutýandygyna ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi kuwwatly işewürlik düzümi bolup durýar. Bu birleşme milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ençemesinde işleri amala aşyrýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine BAE-niň telekeçiler bileleşigi bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek, göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin işewürlik binýatlaryny döretmek üçin aýratyn umyt baglaýandygyny nygtap, Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen hususy telekeçileriniň BAE-däki kärdeşleri bilen uzak möhletleýin gatnaşyklaryny düýpli we hil taýdan giňeltmäge, ýola goýmaga, olaryň üstünlikli tejribesini ulanmaga, häzirki zaman iş dolandyryş usullaryny we çözgütlerini ornaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň pikirine görä, iki ýurduň harytlary we hyzmatlary öndürijileriniň özara sergileri geçirmek tejribesini, bilelikdäki işewürlik maslahatlaryny guramagy yzygiderli esasda ýola goýmak bu işiň möhüm bölegi bolup durýar.

— Biziň ýurdumyz islendik netijeli pikirler we teklipler, jogapkärli, ygtybarly hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Men bu duşuşyga BAE-niň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin söwda-ykdysady, maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmagynyň ýolunda möhüm ädim hökmünde garaýaryn — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň