Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Ilkinji sensasiýa! Argentina Saud Arabystanyndan asgyn geldi

17:1122.11.2022
0
29103
DÇ-2022: Ilkinji sensasiýa! Argentina Saud Arabystanyndan asgyn geldi
Surat: Sports Illustrated

Biraz ozal Katarda geçýän dünýä çempionatynda ilkinji uly sensasiýa hasaba alyndy. Has takygy, DÇ-2022-niň üçünji günündäki ilkinji oýunda Argentina Saud Arabystanyndan asgyn geldi. Oýunda ilki bilen hasaby argentinalylar açdylar. 10-njy minutda Lionell Messi penaltini dürs ýerine ýetirip, toparyny öňe alyp çykdy. Argentinanyň ýygyndysy goldan soňra hem rüstem oýnamagyny dowam etdi, emma 22-nji, 28-nji we 35-nji minutlarda olaryň uran gollary hasaba alynmady. Oýnuň ikinji ýarymynyň deslapky on minudy bolsa Saud Arabystany üçin diýseň şowly geldi. 48-nji minutda Saleh aş-Şehri hasaby deňlän bolsa, aradan bäş minut geçensoň — 53-nji minutda Salem Al-Dosari Argentinanyň derwezesine ikinji goly ýerledi. Duşuşygyň ikinji ýarymynda emin tarapyndan goşup berlen wagt 16 minutlap dowam eden hem bolsa, Messä we onuň topardaşlaryna ýeňlişden halas bolmak başartmady.

Şeýlelikde, häzirlikçe «C» toparçasynda Saud Arabystany 3 utuk bilen liderlik edýär. Toparçadaky ikinji oýun şu gün sagat 21:00-da Meksika bilen Polşanyň arasynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň