Messi Argentinanyň DÇ-2022-däki ilkinji goluny urdy

15:2022.11.2022
0
16814

Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionell Messi DÇ-2022-niň birinji tapgyrynda Saud Arabystanyna (1:2) garşy geçen oýunda tapawutlanmagy başardy.

Ol oýnuň 10-njy minutynda burçdan uzadylan pasdan soň de Paul tarapyndan gazanylan penaltini dürs ýerine ýetirdi.

Şeýlelikde, Messi dört aýry-aýry dünýä çempionatynda (DÇ-2006, DÇ-2014, DÇ-2018) gol urmagy başaran taryhdaky ilkinji argentinaly oýunçy boldy.

2022-nji ýylky futbol boýunça dünýä çempionaty Katarda geçirilip, ol 20-nji noýabrdan 18-nji dekabra çenli dowam eder.

Türkmenistanyň çäginde DÇ-2022-niň oýunlaryna «Match tv» teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň