Soňky habarlar

Arhiw

«Owadan Ülke» kärhanasynyň önümleri bu gün alyjylaryň nazarynda

10:2019.11.2022
0
31158

Türkmenistanda importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek bilen bagly oýlanyşykly syýasatyň durmuşa geçirilmegi bilen ýurduň hususyýetçilik pudagy täze depgine eýe bolup, täze hil derejelerine çykdy. Häzirki wagtda türkmen azyk önüm öndürijileri önümleriniň haryt görnüşlerini artdyrmak bilen, içerki bazarlary harytlar bilen üpjün edýärler.

Bu günki günde üstünlikli iş alyp barýan kärhanalaryň esasylarynyň biri-de «Nur», «Mylaýym» hem-de «Hazyna» diýen haryt nyşanlar bilen gaplanan gök önümleri we miweleri, maýonez, üwmeç, şeýle-de dürli miweli mürepbe önümlerini öndürýän «Owadan Ülke» hojalyk jemgyýetidir. Kärhananyň önümleriniň hatarynda ýaramlylygy uzak möhlete niýetlenen 50-den gowrak haryt bardyr.

«Owadan Ülke» kärhanasynyň Türkmenistanda ilkinji bolup pagta çigit ýagyndan maýonez hem-de ösümlik ýagyndan mesge önümlerini öndüren kärhanadygyny bellemek gerek. Şunuň bilen birlikde hem kärhana önümçiligiň täze ugurlaryny özleşdirýär. Kärhananyň soňky üstünlikleriniň biri hökmünde soýa we beýleki maddalary goşmazdan pagta ýagyndan süýjülik pastasyny öndürmegini aýtmak gerek.

Marinad, jem, işdäaçar ýaly görnüşli gaplanan bakja we miwe önümlerini öndürmek üçin aýratyn tebigy çig mal ulanylýar. Kärhananyň ulanýan gök-bakja hem-de miwe önümleri ýerli daýhanlar tarapyndan üpjün edilýär, hut şonuň üçinem bu önümler howpsuz we ekologik taýdan arassadyr.

Ýokary hilli maýonez we üwmeç önümleriniň çig maly Ýewropa ýurtlaryndan getirilýär. Bu çig mallary dünýä standartlaryna eýe bolan iri kompaniýalar üpjün edýärler.

Mundan başga-da, «Owadan Ülke» kärhanasy hil we azyk howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamlaryny işläp taýýarlady we durmuşa ornaşdyrdy. Kärhananyň ähli önümçilik işleri ISO9001: 2015 we HACCP dolandyryş ülňülerine laýyklykda sertifikatlaşdyrylandyr.

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergilerine yzygiderli gatnaşýan «Owadan Ülke» kärhanasy alyjylaryň giň goldawyna eýe boldy. Hiliniň ýokary we bahalarynyň elýeterli bolmagy kärhananyň öndürýän önümlerine bolan islegiň barha artmagyna esas bolup durýar.

«Owadan Ülke» kärhanasy bu günki günde ýokary tehnologik önümçilige eýe bolan, importyň ornuny tutýan önümleri öndürýän hem-de daşarky bazarlara çykmaga mümkinçiligi bolan önümçilikdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň