Soňky habarlar

Arhiw

29-30-njy noýabrda Aşgabatda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň 11-nji mejlisi geçiriler

23:1018.11.2022
0
17802

Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew 29-30-njy noýabrda Aşgabatda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisini hem-de onuň çäklerinde işewürler maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu çärelere, esasan, agajy, plastik we demri gaýtadan işleýän senagat pudaklary, oba we suw hojalygy, azyk senagaty, saglygy goraýyş we beýleki pudaklar üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürýän maşyngurluşyk kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle-de bu halkara çärä sanly ulgam we elektron programma üpjünçiligi, daşky gurşawy goramak, medeniýet, ylym-bilim ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalar gatnaşar. Forumyň meýdançalarynda türkmen işewürleriniň hem-de Awstriýanyň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Awstriýa bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Şol gatnaşyklaryň okgunly ösmeginiň taraplaryň köpugurly, uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandygyny tassyklaýandygy barada aýdyldy. Nygtalyşy ýaly, netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýdyň görkezýär. Awstriýanyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýan uly işewür toparlarynyň wekilleri bilen köpýyllyk ysnyşykly gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutany Ýewropanyň bu ýurdy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde netijeli gural hökmünde Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň möhüm ornuny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçiriljek işewürler forumynyň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirip, bu çäreleri geçirmäge ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer hasabatyny dowam edip, käbir pudaklaýyn-dolandyryş edaralaryndaky üýtgetmeler göz öňünde tutulyp, Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň türkmen böleginiň düzümi babatda degişli işleriň geçirilýändigi barada habar berdi.

Döwlet Baştutany Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň türkmen böleginiň düzümi bilen bagly meselelere ünsi çekip, olaryň ähmiýeti barada aýtdy. «Şol toparlaryň işi ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine ýardam etmelidir» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere bu ugurda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň