Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi

22:3818.11.2022
0
14134
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de pudaklary ösdürmek bilen bagly käbir resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdiler.

Golaýda geçirilen Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 21-nji maslahatynda «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de «Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň kararynyň taslamalaryna garalandygy, «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň garamagyna ugradylandygy, häzirki wagtda Halk Maslahatynyň degişli komitetlerinde Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 20-nji we 21-nji maslahatlarynda kabul edilen kanunlar boýunça ara alyp maslahatlaşmalaryň hem-de seljerme işleriniň geçirilýändigi barada aýdyldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisde wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, şol sanda geçirilen çäreler, olaryň netijeleri, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, öňde boljak halkara çärelere, baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Degişli hasabatlarda 2023-nji ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň sanawynyň taýýarlanylyşy, şu aýyň dowamynda, ýakyn günlerde ýurduň medeniýet ulgamynda geçiriljek halkara çärelere taýýarlyk görlüşi, dekabr aýynda ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly geçiriljek halkara olimpiadalara taýýarlygyň barşy barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, toplumlarda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, baýramçylyk dabaralary bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde pudaklary ösdürmek bilen bagly käbir resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna hem garaldy. Döwlet Baştutany olara gol çekip, sanly ulgam arkaly degişli ýolbaşçylara ugratdy hem-de olary ýerine ýetirmek bilen baglylykda anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň