EEA 2023-nji ýylda Türkmenistanda halkara ýaryş geçirmekçi

17:1315.11.2022
0
13869

Ýewraziýanyň atly sport boýunça assosiasiýasynyň (EEA) ýaryşlarynyň täze tapgyryny Russiýa Federasiýasynyň hem-de bu assosiasiýa agza döwletleriň kabul etjekdigini «Interfaks» habar berdi.

«Konkurdan böküşler çagalaryň, ýaşlaryň, 25 ýaşa çenli bolan çapyksuwarlaryň hem-de dürli ýaşdaky höwesjeň türgenleriň arasynda geçiriler. Munuň özi Ýewraziýanyň ýeke-täk ýaryş giňişliginde atly sportuň ornuny pugtalandyrar. «Maxima Masters» Ýewraziýanyň Ligasynyň Çagyryş Kubogynyň ýaryşlary Russiýa Federasiýasynyň her bir sebitinde ýa-da bu sport boýunça Ýewraziýanyň assosiasiýasyna agzalyk edýän beýleki döwletlerde (Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Moldowa, Eýran, Türkmenistan, Özbegistan) guralar. Şol bir wagtyň özünde hem, ýaryşlaryň ýurtlarda geçirilýän tapgyrlary Ýewraziýanyň ähli çapyksuwarlary üçin açykdyr» — diýip, agentligiň habarynda bellenýär.

Ýaryşyň düzgünlerine görä, 120 sm beýiklikdäki päsgelçilikleriň bellenmegi talaplaryň sportuň bu görnüşi boýunça Ýewraziýa assosiasiýasyna agza ýurtlaryň milli çempionatlarynyň düzgünlerine çapraz gelmeýär. Şol sebäpden hem, olaryň geçiriljek ýeri we seneler birikdirilip bilner.

Atly sport boýunça Ýewraziýa assosiasiýasy üç topara birleşen 11 döwleti özünde jemleýär. Olar Ýewropa (Russiýa, Belarus, Moldowa), Merkezi Aziýa (Türkmenistan, Özbegistan, Gyrgyz Respublikasy, Gazagystan) we Kaspi-Kawkaz (Ermenistan, Azerbaýjan, Gruziýa, Eýran) toparlarydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň