Arhiw

Işewür aýal-gyzlary onlaýn okuwa gatnaşmaga çagyrylýar

13:0611.11.2022
0
21984
Işewür aýal-gyzlary onlaýn okuwa gatnaşmaga çagyrylýar

Zenan telekeçiler, ýokary we orta menejerler we telekeçiler, «Zenanlar biznesi» inisiatiwasynyň çäginde «El bilen dolandyrmakdan ulgam biznesini gurmaga nädip geçmeli» atly onlaýn okuwyna gatnaşmaga çagyrylýar.

Okuw Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky tarapyndan guralýar.

Diňleýjiler öz işlerine täzeçe başlamakda aýratyn hünär kömegini almaga ajaýyp mümkinçilik taparlar.

Okuw dekabr aýynyň birinji ýarymynda onlaýn ýagdaýda geçiriler. Gatnaşýanlaryň sany çäklidir, şonuň üçin saýlama bäsdeşlik esasynda geçiriler.

Okuwlara gatnaşmak üçin, 21-nji noýabrdan gijä galman anketany dolduryp, şu salga ibermelidir: ovezovat@ebrd.com

Anketany şu salgydan göçürip alyp bilersiňiz.

Okuw Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Ozal Türkmenistanda «Dolandyryş konsultasiýasynyň esaslary» okuw kursuna tölegsiz esasda ýazylşygyň başlanandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň