Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Hasyl toýuny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy

22:0407.11.2022
0
22822
Serdar Berdimuhamedow Hasyl toýuny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Iş maslahatynda oba hojalyk toplumyndaky işleriň barşy hem-de welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuna taýýarlyk görlüşi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri şu günler ýurduň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, esasan-da, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak boýunça görülýän çäreler, bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwunyň tutulyşy, kadaly gögeriş alnyşy, güýzlük ýeralmadan, gök-bakja we beýleki ekinlerden ýokary hasyl almak, ilaty bu önümler bilen bolelin üpjün etmek boýunça edilýän zerur tagallalar, welaýatlarda medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň barşy, şeýle-de Hasyl toýuna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Balkan welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamaga guramaçylykly taýýarlyk görlüşi, Mary welaýatynda bolsa bu ekiniň ýetişen hasylyny ýygnap almak boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylýandygy barada degişli hasabatlarda aýdyldy.

Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimleri ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada-da hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň möhüm talapdygyna ünsi çekdi hem-de pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmek babatda häkimlere birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de olara Hasyl toýunyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny, şeýle-de şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak babatda degişli häkimlere anyk tabşyryklardyr görkezmeler berildi.

Döwlet Baştutany bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde tamamlanmalydygyny, ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde, netijeli işledilmelidigini belläp, bu babatda häkimlere anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezident ilaty ýurduň özünde öndürilýän azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmegiň möhümdigini belläp, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl öndürmek ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy. Şeýle-de welaýatlarda dürli maksatly desgalary gurmak boýunça meýilleşdirilen işleriň gözegçilikde saklanmalydygy babatda häkimlere degişli tabşyryklar berildi.

Iş maslahatynda wise-premýer A.Ýazmyradow ýurtda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, şeýle-de Hasyl toýuna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Hasabatda bugdaý ekişiniň tamamlaýjy tapgyrda dowam edýändigi, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak babatda zerur çäreleriň görülýändigi barada aýdyldy.

Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde şu günler Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragynyň dowam edýändigi, Mary welaýatynda bolsa ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylynyň ýygnalýandygy barada hem aýtdy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurduň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýändigini belledi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işlerini bellenen möhletlerde geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy we wise-premýere bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, ilaty ýurduň özünde öndürilen ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer A.Ýazmyradowa hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk geçirilmeginiň üpjün edilmeginiň, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu ugurda degişli görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň