Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy

22:3905.11.2022
0
25706

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde guralan köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Şeýle-de bu dabara täze merkeziň ýolbaşçylary, onda işleýän gurluşyk düzümleriniň wekilleri, gurluşykçylar, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Belläp geçsek, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary we taýsyz tagallalary esasynda, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda 145 million düýpden gowrak bag nahallary oturdyldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýerdäki dabara gatnaşandan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň derejesi bilen gyzyklanyp, ady rowaýata öwrülen Akhan atly ajaýyp ahalteke bedewiniň heýkeliniň oturdylýan ýerinde işleriň barşy bilen tanyşdy. Bu ýerde welaýatyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkezi şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew merkeziň bu künjeginde alnyp barylýan köptaraply gurluşyk işleri barada giňişleýin maglumat berdiler.

Halk Maslahatynyň Başlygy ajaýyp bedewiň heýkeliniň oturdylýan künjeginde ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň özboluşly aýratynlyklaryny synlap, olaryň her biriniň uzak möhletleýin häsiýetde bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

— Halkymyzyň nurana bedewlerine goýýan hormatyny nazara alanyňda, bu künjek adamlaryň, aýratyn-da, ýaş çatynjalaryň söýgüli mekanyna öwrüler — diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Bu ýerde alnyp barylýan işleriň milli binagärlik ýörelgelerine laýyk gelmelidigi, gurluşyk we abadanlaşdyryş işlerinde häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň işjeň ulanylmalydygy bellenildi. Esasan-da, Akhanyň heýkeliniň reňk sazlaşygyna möhüm ähmiýet berilmelidigi nygtaldy. «Ol ajaýyp bedewiň hakyky keşbini janlandyrmalydyr» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze merkezinden Aşgabada tarap ýola düşüp, ýolugruna paýtagtyň eteklerinde, aýratyn-da, onuň günorta-günbatar künjeklerinde alnyp barylýan işleri, bu ýerde döredilen tokaý zolaklaryny synlady.

Mälim bolşy ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakynda Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyran pursatlarynda bu ýerlerde alnyp barylýan işlere, aýratyn-da, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň abadanlaşdyrylyşyna we bezeg işlerine tankydy belliklerini aýdypdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň tankydy belliklerinden ugur alnyp ýerine ýetirilen işler bilen gyzyklandy. Häzirki wagtda bu ýerde abadanlaşdyryş işleri batly depginlerde alnyp barylýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekow hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tankydy bellikleriniň ýerine ýetirilişi we bu ugurda alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berdiler.

Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde ýurduň dürli künjeklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň döwrüň talabyna laýyk derejede ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belledi. Abadanlaşdyryş işleriniň, aýratyn-da, gurluşykda ulanylýan bezeg serişdeleriniň ýokary hil derejesine eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy we bu babatda özüniň öwüt-ündewlerini berdi.

— Magtymguly Pyragynyň ýubileý dabaralarynyň guramaçylykly geçirilmegi, onuň belent dabaralara beslenmegi ugrunda häzirki günlerden başlap toý taýýarlygy görülmelidir — diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi we bu işlere guramaçylykly çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň merkezi girelgesiniň bezeg aýratynlyklarynyň häzirki zaman talaplaryna we türkmen halkynyň milli ruhuna kybap gelmelidigine ünsi çekdi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat şäheriniň Bekrewe köçesi bilen Arçabil şaýolunyň çatrygyndaky köp zolakly ulag köprüsiniň ýanynda saklanyp, toplumyň özboluşly binagärlik aýratynlyklary, onuň abadanlaşdyrylyşy, bezeg usullary bilen gyzyklandy. Bellenilişi ýaly, bu ýerde alnyp barylýan işler, Türkmenistanyň Prezidentiniň tankydy belliklerinden ugur alnyp, bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidir hem-de oňyn netije bermelidir. Şunda häzirki zaman tehnologiýalarynyň işjeň ulanylmalydygy nygtaldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy soňra Aşgabadyň Bitaraplyk şaýoly bilen Arçabil şaýolunyň çatrygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde ýerine ýetirilen abadanlaşdyryş we bezeg işleri barada aýdyp, şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşyk işlerine bolşy ýaly, olaryň abadanlaşdyrylyşyna we bezeg aýratynlyklaryna degişli talaplaryň bildirilýändigini belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýurduň çäginde bina edilen birnäçe häzirki zaman desgalarynyň we giň möçberli çäreleriň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini belledi. Munuň ýurtda, aýratyn-da, paýtagt şäher Aşgabatda alnyp barylýan işleriň we milli binagärlik aýratynlyklarynyň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň beýanydygyny nygtady.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy desgalaryň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylmalydygyna ünsi çekdi we öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işlerde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň