Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen nebitgaz kompaniýalary Abu-Dabidäki sergä gatnaşýarlar

20:4202.11.2022
0
14185

Abu-Dabi (BAE) nebit-gaz pudagynda iň köp garaşylýan çäreleriň biri bolan ADIPEC 2022 halkara sergisini kabul edýär. Halkara sergisi nebit we gaz bazaryndaky esasy ýurtlary bir ýere jemledi. Bu sergä Türkmenistan hem gatnaşýar diýip, «ArzuwNews» habar berdi.

Her ýyl geçirilýän çärä 160 ýurtdan 54 kompaniýa gatnaşýar.

Milli görnüşde taýýarlanan Türkmenistanyň köpçülikleýin stendinde ýurduň häzirki zaman ösüşleri, nebit-gazy öndürmek, gaýtadan işlemek, daşamak we saklamak üçin IT çözgütleri we enjamlary, şeýle hem turbageçiriji, önümçilik, gurallar we anyklaýyş enjamlary görkezilýär.

Sergi 3-nji noýabra çenli dowam eder. Onuň dowamynda eksportçylar potensial daşary ýurtly alyjylar bilen birnäçe duşuşyklary geçirerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň