Top.Mail.Ru

Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň 532-nji mejlisinde çykyş etdi

17:2002.11.2022
0
29277
Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň 532-nji mejlisinde çykyş etdi
Surat: tdh.gov.tm

Russiýa Federasiýasynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji noýabrda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň plenar mejlisine gatnaşdy we ol ýerde taryhy söz sözledi. Bu plenar mejlise Russiýa Federasiýasynyň we türkmen wekiliýetiniň parlament wekilleri gatnaşdylar diýip, türkmen metbugatynda habar berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda iki döwletiň häzirki güne çenli bilelikdäki gazanan üstünlikleriniň oňyn netijeleri hakynda nygtady. Türkmen-rus gatnaşyklarynyň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň bu günki gün öz miwesini berýändigini, ysnyşykly hyzmatdaşlygyň netijesinde özara bähbitli işler örän ýokary derejede alnyp barylýandygyny belledi.

Çykyşda Türkmenistanda orta mekdepleriň onlarçasynda rus diliniň öwredilýändigi, geljekde türkmen-rus ýokary okuw mekdebini gurmagyň maksat edinilýändigi uly hormat-sarpanyň nyşany hökmünde bellenildi. Halk Maslahatynyň Başlygy mundan beýläk hem türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň täze sahypalarynyň açyljakdygyny aýtdy.

Häzirki wagtda dostlukly halklaryň arasynda söwda, ulag-aragatnaşyk, medeni-gumanitar ulgamlarda netijeli işleriň geçirilýändigi, munuň bolsa diňe bir iki halkyň ykdysady bähbidine täsir etmän, eýsem dünýä döwletleriniň ösüşini hem barha ilerledýändigi nygtaldy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň plenar mejlisinde taryhy söz sözlemek bilen öňe süren umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary parlament wekilleri tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň